Hytaýyň IT ägirdi «Huawei» 2024-nji ýylda şahsy kompýuterler (PK) üçin «HarmonyOS» operasion ulgamynyň doly görnüşini hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu barada «IT-Home» neşiri «Huawei» kompaniýasynyň programma üpjünçiligini işläp düzmek bölüminiň öňki başlygy Wan Çenlunyň «Weibo» sosial ulgamynda aýdanlaryna salgylanyp habar berýär. «Kommersant» neşiri bolsa täze operasion ulgamyň «Huawei» we beýleki öndürijileriň noutbuklary bilen bilelikde ýerlenilip bilinjekdigini belleýär. Neşiriň habaryna görä, Hytaýyň IT ägirdi ozal «HarmonyOS-y» «Qingyun» kärhanasynyň noutbuklarynda ýerleşdiripdi, ýöne şol wagt operasion ulgamyň köne nusgasy ulanyldy. Indi «Huawei-iň» kompýuterler üçin has täze nusgasy bolan «HarmonyOS 4-iň» üstünde işleýändigi bellenilýär. «Huawei» operasion ulgamyny 2019-njy ýylda tanyşdyrypdy. Eýýäm 2020-nji ýylda kompaniýa bu operasion ulgamynyň kompýuterler üçin niýetlenen görnüşini döretmek meýilnamasy boýunça ilkinji bildirişlerini berip başlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir