Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi. Degişli Karara laýyklykda: 1-nji derejeli ýurist Serdar Kakamyradowiç Apbekow Arkadag şäheriniň prokurorynyň orunbasary wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Medetmuhammet Pendigulyýewiç Rahmannazarow Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň prokurory wezipesine; 2-nji derejeli ýurist Ymamberdi Rejepnyýazowiç Nuryýew Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurory wezipesine; 2-nji derejeli ýurist Röwşen Serdargulyýewiç Baýramsähedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesine; 2-nji derejeli ýurist Eziz Bäşimdurdyýewiç Agaýew Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Myrat Bäşimowiç Myradow Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi. Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Orazgeldi Gurbangeldiýewiç Golbaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesinden; Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nejep Mämmetamanowiç Taýlyýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy.