Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurtda amala aşyrylýan, durnukly ykdysady ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar we taslamalar barada gürrüň berildi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda ilçi döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine öz tarapyndan hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir