Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi. 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda hereket eden Aşgabat—Pariž howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky iň amatly arabaglanyşyklaryň biridi diýip, B.Annaýew belledi. Şeýle hem aerokosmos pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy dogrusynda durup geçmek bilen, Annaýew şu ýyl satyn alnan iki sany Airbus A330-200P2F ýük uçarynyň milli howa gatnawynyň önümçilik kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrandygyny aýtdy. Fransuzlaryň «Thales Alenia Space» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistan öz aragatnaşyk hemrasy bolan ýurtlaryň sanawyna girdi. Milli hemra ýurduň çäginde ýokary tizlikli we ygtybarly aragatnaşyk, şeýle hem sebitdäki beýleki ýurtlara aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir