Braziliýada güller festiwaly dowam edýär, oňa ilkinji günde ýurduň ähli künjeklerinden ýüzlerçe adam gatnaşdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Her ýyl sergi ýurtda gülçülik bilen meşgullanýan firmalaryň 200-den gowragyna gülleriň we bezeg ösümlikleriň täze sortlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sergä daşary ýurtly jahankeşdeler hem höwes bilen gelýärler. Adamlar ajaýyp gül bezegleriniň ýanynda ýadygärlik surata düşýärler. Güller baýramçylygy 1981-nji ýyldan bäri geçirilýär. Oňa göni ýaýlym arkaly hem tomaşa edip bolýar. Guramaçylaryň pikirine görä, bu ýyl sergä 300 müňden gowrak adam gatnaşar diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir