Toyota-nyň Angliýanyň Derbi şäherindäki “Manufacturing UK” zawody wodorod ýangyç elementli meşhur Hilux kysymly awtoulagyň täze görnüşini döretdi. Umuman aýdanyňda, ondaky elektrikli gurluş Toyota Mirai wodorod awtoulagynyňky ýalydyr. Wodorodly Hilux Toyota Rikardo, ETL, D2H Advanced Technologies, Thatcham Research we Angliýanyň hökümetiniň goldawy bilen döredildi. Wodorod ramanyň çäginde ýerleşýän üç sany ýokary basyşly ýangyç bakynda saklanýar. Mälim edilen ýöreýiş ätiýaçlygy 600 km. Toyota şeýle awtoulaglaryň 10-syny gurar we olaryň hemmesi synag awtoulaglary bolar. Wodorodly Hilux howpsuzlygyny, dinamiki häsiýetnamasyny, işleýşini we çydamlylygy tassyklatmak üçin berk synaglardan geçmeli bolar. Ýöne näme üçinkä? Wodorodly Hilux-iň täjirçilik gelejeginiň bardygy ýa-da ýokdugy belli däl, ýöne Toyota geljekki Land Cruiser 400 üçin hut şunuň ýaly elektrik gurluşy göz öňünde tutýar.