Apple iPhone-ny Lightning-den USB-C-ä geçirmekçi bolýar, Bloomberg-den Mark Gurman bu täzeligi kompaniýanyň nädip mahabatlandyrjakdygyny gürrüň berdi. Ýewropa Bileleşiginiň ykjam enjam öndürijilerinden geljek ýylyň ahyryna çenli USB-C standartyny ulanmagy talap edendigini ýatladýarys. Apple indiki ýylyň aýagyna çenli garaşyp oturmazlygy karar etdi we iPhone 15-iň ähli dört modeline hem-de täze AirPods Pro-lar üçin daşlyga USB-C goşdy. “Apple muny müşderiler üçin uly ýeňiş diýip atlandyrar. Bu üýtgeşmeleriň birgiden peýdalary hakda eşitmäge taýyn boluň "- diýip, Mark Gurman ýazýar. Apple USB-C-e geçişini niçik mahabatlandyrar: Müşderiler iPhone, Mac we iPad üçin bir zarýad kabelini ulanyp bilerler. Bu täze, ýokary derejeli iPhone modelleri üçin maglumat geçiriş tizliginiň öwrülişikli ýokarlanmagyna getirer. Käbir ýagdaýlarda telefonlar has çalt zarýad alarlar. Netijede, telefonlar üçünji tarapyň milliardlarça enjamlarynda ulanylýan zarýad berijiler bilen gabat geler. Mark Gurman bu üýtgeşmeleriň Apple üçin amatsyzlyklarynyň hem bardygyny aýtdy: Apple Lightning ulanýan aksesuar öndürijilerinden ygtyýarnama girdejileriniň bir bölegini ýitirmek howpuna sezewar bolar. Munuň üçin inženerçilik çeşmeleriniň we puluň bölnüp berilmegi zerur. Android ekoulgamy bilen utgaşyklygyň ýokarlanmagy müşderilere Apple-den aňsat daşlaşdyryp biler. Elmydama ulanyjylary hopukdyrmak howpy bar. Apple 2012-nji ýylda Lightning-e geçende, bu ulanyjylaryň maňzyna batmady. Şeýle hem kompaniýa 2016-njy ýylda gulaklyklar üçin deşigi aýranda hem gahar-gazap döredi. iPhone 15 -iň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji sentýabrda bolar diýip garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir