Beýonseniň Renaissance World konsert syýahaty taryhda iň girdejili zenan syýahaty boldy. Bu barada Hypebeast neşirine salgylanyp, esquire.kz habar berýär. Häzirki güne çenli aýdymçynyň bu konsert syýahatyndan gazanan girdejisi 461 mln dollara barabar. Beýonse heniz Renaissance programmasy bilen Inglwudda, Wankuwerde, Sietlde, Dallasda, Hýustonda, Täze Orleanda we Kanzas-Sitide hem çykyş etmeli. Öň, iň köp girdeji getiren zenan syýahaty Madonnanyň Sticky & Sweet Tour syýahatydy. Madonna bu syýahatdan 411 mln dollar gazandy. Konsert syýahaty 2008-nji ýylyň awgust aýynda başlap, 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlandy. Danske Bank bankynyň analitikleriniň pikiriçe, Beýonseniň syýahaty Şwesiýada inflýasiýanyň ýokarlanmagyna sebäp boldy, ol maý aýynda ýyllyk aňlatmasynda 8,2% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Şwesiýanyň Merkezi banky 8,1%, Bloomberg tarapyndan sorag edilen hünärmenler bolsa 7,8% görkezijini çaklapdylar. Konsert syýahatynyň çäklerinde aýdymçy Stokgolmdaky Friends Arena stadionynda iki gezek çykyş etdi. Her konsert 80 müňden gowrak tomaşaçy ýygnady, olaryň arasynda daşary ýurtlular hem köpdi. Şu sebäpli petekleriň, myhmanhanalaryň we restoranlarda iýmitleriň bahalary hem ýokarlandy.