Deňizde durman ýüzmek boýunça dünýä rekordyny belgiýaly türgen Matýe Bonne täzeledi. Ol 60 sagat 55 minutda Gresiýanyň Korinf aýlagynda 131 kilometri ýüzüp geçdi. Bu barada “The Brussels Times” gazetine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär. Bonne Korinf aýlagyny ýörite saýlady, sebäbi ol ýerde göni ugur boýunça 100 kilometrden gowrak aralygy ýüzüp geçip bilýärdi, bu hem onuň rekord synanyşygy üçin iň amatly ýer boldy. Öňki üstünlik Maltadan 125,7 kilometri geçen olimpiýa ýüzüjisi Nil Agiusa degişlidi. Şu ýylyň başlarynda Bonne ýedi günde 3619 kilometri welosipedli geçip, başga bir dünýä rekordyny goýdy diýip, neşir belleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir