Halkara klimatologlar topary gözleg geçirip, soňky ýyllarda El-Ninýo klimat hadysasynyň güýçlenmeginiň 2015-2016-njy ýyllarda Amazon tokaýlarynyň güýçli guraklyk sebäpli uglerod saklamagy bes etmegine sebäp boldy diýen netijä geldi. Alymlaryň işi Nature Climate Change žurnalynda çap edildi. El Ninýo Ýuwaş ummanyň ekwator böleginiň adatdakysyndan 3° C-e çenli ýylamagyna sebäp bolýan howa hadysasydyr. El Ninýodan başga-da, ummanda, tersine, temperaturanyň peselmegi bilen bagly proses hem bar, oňa La Ninýa diýilýär. Her iki-ýedi ýyldan olar biri-birini çalyşýarlar we howa-da ep-esli täsirini ýetirýärler - guraklyk, suw joşmalary ýa-da hasylsyzlyk ýaly dürli tebigy betbagtçylyklara sebäp bolup bilýärler. Alymlar Amazon tokaýlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmekde 30 ýyldan gowrak wagt bäri toplanan maglumatlary seljerenlerinde şuňa meňzeş bir zady tapdylar. 2015-2016-njy ýyllarda El Ninýo işjeň döwürde bolup, 0,5° C-den gowrak öwrenilen 123 tokaý sebitiniň 119-synda temperaturanyň ýokarlanmagyna sebäp boldy. Şeýle hem 99 tokaý sebitinde guraklyk boldy. Netijede awtorlar ýakyn onýyllyklarda El-Ninýonyň Günorta Amerikanyň howasyna edýän täsiriniň diňe artjakdygyny bellediler.