Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugrunyň açylandygyny yglan etdi. Gämili gezelenç ugry deňiz menzilinden başlanyp, ajaýyp dynç alyş merkezi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenary boýunça dowam edýär. Awazanyň kenary boýunça gämili deňiz gezelenjiniň dowamlylygy 3 sagat dowam edip, bilediň bahasy 45 manada deňdir. Deňiz söwda floty şeýle hem Türkmenbaşy – Gyzylsuw – Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli deňiz gatnawyny amala aşyrýar. Gyzylsuw – bu Türkmenistanyň Hazar deňizndäki ilatly ýeke-täk adasysydyr. Bu ugur boýunça gämili gatnawyň bahasy bir tarapa 20 manatdan ybaratdyr. Türkmenbaşy – Awaza, Türkmenbaşy – Gyzylsuw ygry boýunça biletleri Deňiz söwda flotunyň resmi saýty arkaly onlaýn satyn almak mümkin. Gämili gezelenç 2013-nji ýylda gurlan «Çarlak» gämisinde amala aşyrylýar. Goşmaça maglumat üçin ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenbaşy deňiz menzili: Tel. +993 243 51107 Email: marinestation@mmf.com.tm