Täjigistan 2030-njy ýyla çenli Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna elektrik energiýasynyň 10%-ini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada respublikanyň Energetika we suw baýlyklary ministri Daler Juma metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär. “Biz bu ugurda häzirki wagtda ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde kuwwaty 50 MWt-den 450 MWt-e çenli bolan dört taslamany kesgitledik. Olar Sogd welaýatynda gurlar. Häzirki wagtda tehniki-ykdysady esaslandyryş boýunça işler dowam edýär. Biz ýylyň ahyryna çenli taslamalary maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitläris” – diýip, ministr habar berdi. Häzir Täjigistan gidroelektrik stansiýalarynda elektrik energiýasynyň 98%-ini öndürýär. Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda respublikada elektrik energiýasynyň önümçiligi ýurduň garaşsyzlygynyň ähli döwründe rekord derejä – takmynan, 21,4 mlrd kWt/s ýetdi.