Hytaýyň kibergiňişlik meseleleri boýunça edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ykjam gurluşlaryň we internetiň ulanylmagyna berk çäklendirmeleri girizýän taslamany hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Kanunyň häzirki redaksiýasy 8 ýaşa çenli çagalaryň smartfony günüň dowamynda 40 minut, 8 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalaryň diňe bir sagat ulanyp bilmegini, 16-17 ýaşyndaky ýetginjekleriň bolsa iki sagatdan köp ulanyp bilmezligini göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, kämillik ýaşyna ýetmedikler gije, ýagny 22:00-dan 6:00-a çenli mobil internetden peýdalanyp bilmezler. Taslama sentýabr aýyna çenli ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, çäklendirmeleriň öwrediji we sosial ähmiýetli programmalara täsir etmejekdigi bellenilýär. Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda Hytaýyň häkimiýetleri kämillik ýaşyna ýetmediklere onlaýn oýunlar üçin berlen wagty çäklendirdiler. Häzir hytaýly ýetginjekler Dota 2, Valorant we beýleki oýunlary dynç günleri hem-de baýramçylyk günleri sagat 20:00-dan 21:00-a çenli oýnap bilýärler.