Ýagly kislotalar öýkeniň sagdynlygyny saklamaga ukyplydyr. Alymlar uly gözlegleriň dowamynda şeýle netijä geldiler. Synagyň birinji böleginde 15 müňden gowrak adamyň maglumatlary seljerildi. Dürli jyns toparlaryna degişi gatnaşyjylar sagdyndylar. Synaga gatnaşýanlaryň ortaça ýaşy 56 ýaş. Synagdan soň, professorlar gandaky Omega-3-iň derejesi has ýokary bolan adamlaryň öýkeniniň işleýşiniň beýlekilerden has gowudygyny anykladylar. Ikinji tapgyrda, ýag kislotasynyň derejesini kesgitlemek üçin 500 müňden gowrak adamyň ganyndan genetiki markerler ýygnaldy. Soňra olar synaga gatnaşyjylaryň öýkeniniň sagdynlyk ýagdaýy bilen deňeşdirildi. Netijeler oňyn täsiri tassyklady. Balyk Omega-3-iň esasy çeşmelerinden biridir, ýöne bu maddany ösümlik çeşmelerinden, ýagny hozdan, çianyň tohumyndan we zygyrdan alyp bilersiňiz.