Merida şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan ispan arheologlar topary Antik döwre degişli Gadymy Rim mozaikasyny tapdylar. Örän gowy saklanyp galan mozaika trikliniýniň, ýagny dabaralar zalynyň poluny bezäpdir. Dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen mozaikanyň meýdany 30 inedördül metre deňdir. Onuň merkezinde grek mifologiýasyndaky Gorgona Meduzanyň kellesi şekillendirilipdir, şekiliň töweregi bolsa geometrik çyzyklar, ösümlikleriň, guşlaryň we haýwanlaryň keşpleri bilen bezelipdir. Alymlar bu eseriň b.e. II asyryna degişlidigini belleýärler. Antik döwürde Merida şäheri Rimiň b.e. öňki 25-nji ýylda Oktawian Awgust tarapyndan esaslandyrylan Awgusta Emerita koloniýasynyň çäklerine girýärdi. Soňlugy bilen bu şäher Luzitaniýa welaýatynyň paýtagty boldy. Bu ýerde ýerleşýän gadymy şäheriň galyndylary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.