«Alfa Romeo» italýan kompaniýasy 30-njy awgustda täze sport awtoulagyny tanyşdyrar. Bu barada motor1.com habar berýär. Kompaniýa täze ulagyň suratyny paýlaşdy. Suratda ulagyň dolandyryş rulunyň bir bölegi görünýär. Täze ulagyň kysymy heniz mälim edilmedi, emma onuň «6C» diýlip atlandyrylyp bilinjekdigi bellenilýär. Ol kuwwaty 800 at güýjüne deň bolan hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Bu ulagdan bary-ýogy 33 nusga öndüriler. Şonuň bilen birlikde, olaryň ählisi eýýäm geljekki eýeleri tarapyndan satyn alyndy. «Alfa Romeo» kompaniýasynyň täze ulagynyň bahasynyň 1 mln dollara deň boljakdygy bellenilýär. Bu baha onuň çak edilýän bäsdeşi «Maserati MC20» ulagynyňkydan 5 esse gymmatdyr.