«Alibaba Group» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan 58 ýaşly hytaýly milliarder Jek Ma oba hojalyk tehnologiýalary bilen meşgullanýan täze kompaniýa maýa goýdy. Balykçylyga we oba hojalygyna ýöriteleşen täze kompaniýa «1.8 Meters Marine Technology» diýlip atlandyrylýar we ol 20-nji iýulda Manyň dogduk Hançžou şäherinde hasaba alyndy. «South China Morning Post» neşiriniň habar bermegine görä, Jek Manyň maýa goýum holding kompaniýalarynyň biri bolan «Hangzhou Dajingtou No. 22 Arts and Culture Co.» täze döredilen kompaniýanyň aksiýalarynyň 10%-ne eýelik edýär. Žurnalistler milliarderiň bu çözgüdiniň onuň Hytaýyň tehnologiýalar pudagyndan ýuwaş-ýuwaş aýrylýandygynyň subutnamasy diýip belleýärler. Bellenilişine görä, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Ma Ispaniýada oba hojalygyny we daşky gurşaw bilen baglanyşykly tehnologiýalary öwrenipdir. Şeýle hem ol Niderlandlarda, Ýaponiýada we Taýlandda bolup, oba hojalyk tehnologiýalaryny öwrenipdir. Şu ýylyň maý aýyndan bolsa Jek Ma Tokio uniwersitetine oba hojalygynyň durnukly ösüşi we azyk harytlarynyň önümçiligi mowzuklary boýunça sapak bermek üçin çagyrylan professor hökmünde işe başlady.