Lamborghini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini yglan etdi, şondan görnüşine görä, kompaniýa ýene bir nobatdaky rekordy goýmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, häzir Lamborghini-niň hatary diňe iki modelden durýar: täze Revuelto flagmany üçin deslapky sargytlar statistikada hasaba alynmaýar. Lamborghini ýanwar-iýun aýlary aralygynda 5 341 awtoulag — Huracan superkaryny we Urus krossowerini sargytçylaryna gowşurdy. Kompaniýanyň söwdasy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,9% ösdi. Şeýle hem bu kompaniýa 456 million ýewro (2022-nji ýylyň birinji ýarymynda - 425 million ýewro) ýarym ýyllyk girdeji gazanmak boýunça rekord goýdy. Awtoulaglaryň köpüsi ABŞ-da (1624 birlik), Beýik Britaniýada (514 awtoulag) we Germaniýada (511 birlik) satyldy. Lamborghini häzirki modelleriň ikisini hem indiki ýylyň ikinji ýarymynda çykarmagy meýilleşdirýär we sargytlary kabul etmegi eýýäm bes etdi: sargyt kitaby düzüldi. Mundan başga-da, kompaniýa iki ýyl öňünden täze Revuelto superkary üçin sargyt aldy.