Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby futbol boýunça arap çempionlarynyň Klublaýyn kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyr oýnunda Tunisiň «Monastirini» utdy. Duşuşyk Er-Riýadda geçirilip, 4:1 hasabynda tamamlandy diýip, sportrbc.ru habar berýär. “Al-Nasryň” düzüminde Anderson Taliska (42-nji minut), Kriştianu Ronaldu (74), Abdulla Al-Amri (88) we Abdulaziz Al-Aliwa (90) gol geçirdi. Awtogoly öz hasabyna Ali Al-Ujami (66) ýazdy. Kriştianu Ronaldu bäş oýunlyk golsuz tapgyryny kesip, täze möwsümde ilkinji goluny geçirdi. Ol resmi oýunda kellesi bilen 145-nji goluny tora girizdi. Bu görkeziji boýunça ol kellesi bilen 144 gol geçiren germaniýaly hüjümçi Gerd Mýullerden öňe geçdi. Üçünji orny ispaniýaly Karlos Santilýana (125) eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir