Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilatynyň sany 2022-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli azalmadan soň iki ýylyň içinde ilkinji gezek köpeldi. Bu barada ÝB-niň Statistika edarasynyň materialynda aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär. 2022-nji ýylyň jemi boýunça ÝB-de ilat bir ýyl ozalky 446,7 mln adam bilen deňeşdirilende, 448,4 mln adam boldy. Geçen iki ýylda otrisatel dinamika hasaba alnypdy: 2020-nji ýylda ilat, takmynan, 500 müň adam, 2021-nji ýylda tas 300 müň adam azaldy. ÝB-niň ilat sany 1960-njy ýyldan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda 26% ýokarlanyp, 354,5 mln adamdan 448,4 mln adama ýetdi. Soňky onýyllykda köpeliş depgini kem-kemden haýallaýar: ýagny, 2005-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda köpeliş absolýut aňlatmada 1960-njy ýyllardaky ýylda ortaça, takmynan, 3 mln adam görkezijisi bilen deňeşdirilende, ýylda, takmynan, 0,8 mln adam boldy. ÝB-niň umumy ilatynyň tas ýarysy (47%) üç ýurtda – Germaniýada, Fransiýada we Italiýada ýaşaýar. Sebit boýunça umumy görkezijiniň ýokarlanýandygyna garamazdan, 2022-nji ýylda oňyn tendensiýa ÝB-niň ähli agza döwletlerinde bolmady. Bellenilen döwürde ýedi ýurtda ilat sany azaldy: iň ýokary derejede – Italiýada (179 419 adam), iň pes derejede – Slowakiýada (5 920 adam). Galan 20 döwletde köpeliş hasaba alyndy: iň ýokary ösüş Germaniýada (+1,12 mln adam), iň pes ösüş – Latwiýada (+7 251 adam).