Ýarym orta agramda (77 kg çenli) UFC-niň titulynyň öňki eýesi Kamaru Usman ýarym orta agramda promouşeniň titulyna iki gezek dalaşgär amerikaly weteran Stiwen Tompson bilen söweşmek isleýändigini aýtdy. Bu barada championat.com belleýär. “Häzirki wagtda diňe Stiwen Tompson bilen söweşmegiň manysy bar. Oňa hem garşydaş gerek. Tompson eýýäm birnäçe wagtdan bäri oýunda, onuň ady bar. Onuň söweşleri bolsa elmydama ýokary derejede bolýar. Onuň stiline garşy durmak aňsat däl” – diýip, TMZ Usmanyň sözlerini getirýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir