22 ýaşly Li Çžihao täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 3,16 minutda birbada üç Rubigiň kubigini oýun görkezip düzdi. Ol wagty 13 sekunt çaltlaşdyryp, öz rekordyny täzeledi diýip, championat.com habar berýär. Şeýle rekord fiziki we intellektual ussatlygy talap edýär. Düzgün boýunça, oýun görkezmegiň depginini yzygiderli saklamaly. Kubigiň bir elde iki gezek bolmagyna ýol berilmeýär. Liniň soňky rekordly wideosy hereketleriň çalasynlygy we sazlaşyklylygy bilen haýran galdyrýar. Li Rubigiň kubigini ýönekeý düzmegiň ýürekgysgynç bolandygy üçin oýun görkezip düzmek bilen meşgullanmaga başlandygyny aýdýar. Rekord eýesi – taryhda dört minutdan az wagtyň içinde oýun görkezmek arkaly üç kubigi düzmegi başaran ilkinji adam. Ondan öň iň çalt hereket eden kolumbiýaly Anhelýu Alwarado bolup, onuň iň az wagty 4 minut 31 sekunda deňdir.