Miloş Bikowiçiň, Aglaýa Tarasowanyň we Iwan Ohlobystiniň baş keşpleri janlandyrmaklarynda «Holop» atly komediýa filminiň 2-nji bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykarylar diýip, «RIA Nowosti» «Sentral Partnerşip» kinokompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Çeşmede bellenilişi ýaly, bu gezek filmiň sýužeti Katýa atly (Aglaýa Tarasowa) lälik gyzyň başdan geçirmeleri bilen baglanyşykly bolar. Ol hem ozal edil Grişa (Miloş Bikowiç) ýaly içgili halda ulagy dolandyryp, adamlara gödeklik edip, temmisiz galmak isleýär. Katýanyň ejesi (Natalýa Rogožkina) döwlet işgäri, ol gyzyny terbiýelemäge derek, onuň eden-etdiligine göz ýumanyny we ony kanunyň öňünde jogapkärçilikden halas edenini em görenok. «Holop» filminiň 2-nji bölüminiň üstünde hem öňki topar işlär, režissýorlyk kürsüsini ýene Klim Şipenko eýelär. Ýatlatsak, «Holop» filminiň birinji bölümi 2019-njy ýylda çykarylypdy we prokatda 3 milliard rubldan gowrak serişde toplapdy.