Paleontologlardan ybarat topar 2012-nji ýylda Taýlandda galyndylary tapylan dinozawryň heniz mälim bolmadyk täze görnüşdigini ýüze çykardylar. Bu ugurdaky barlaglaryň netijeleri «Diversity» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär. Gadymy jandaryň daşa öwrülip giden galyndylary Taýlandyň demirgazygyndaky Phu Noý etrabynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapyldy. Dinozawryň skeleti örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Alymlar munuň Günorta-Gündogar Aziýada tapylan dinozawr galyndylarynyň içinde iň gowusydygyny belleýärler. Ozal ylma mälim bolmadyk täze görnüş Minimocursor phunoiensis diýlip atlandyryldy. Ol iki aýagynda ýöräpdir, uzyn bedeni we guýrugy, äňinde süňk ösüntgisi bolan çüňke meňzeş agzy hem-de çanaklygynyň üstünde gerşi bolupdyr. Tapylan galyndylaryň çagalykdan ýaňy saýlanan dinozawra degişlidigi bellenilýär. Ol ulalanda boýy iki metre ýetip biljek eken. Minimocursor phunoiensis ösümlikler bilen iýmitlenipdir, çalt ylgama ukyply bolupdyr. Galyndylaryň ýaşy, takmynan, 145 – 163 million ýyl hasaplanýar.