Germaniýanyň sport harytlaryny öndürijisi adidas AG Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" futbol kluby bilen 10 ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşdy. Şertnamanyň bahasy 900 mln funt sterling ($1,16 mlrd), ýagny ýylda 90 mln funt bilen bahalandyrylýar diýlip, klubuň metbugat relizinde aýdylýar. Muny sport-interfax.ru ýetirýär. Bu Angliýanyň çempionatynyň taryhynda rekord derejeli uly şertnamadyr diýip, "Daily Mail" ýazýar. Şertnama 2035-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket eder. 2025-nji ýylda möhleti tamamlanýan häzirki şertnama boýunça, iňlis kluby adidas-dan ýylda 75 mln funt alýar. Şeýle-de, "Daily Mail" "Mançester Ýunaýtediň" tomusky transfer penjiresinde ýakyn günlerde "Atalantanyň" daniýaly hüjümçisi Rasmus Hýoýlunny 72 mln funta satyn almak bilen birlikde, takmynan, 180 mln funt sarp etjekdigini habar berýär. Ýylyň başyndan bäri kluba eýeçilik edýän kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 3% peseldi, adidas-yň bazar bahasy bolsa 40% ýokarlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir