Xiaomi kompaniýasy başlangyç ulanyjylara niýetlenen «Mijia» atly öý üçin býudjet 3D-printerini tanyşdyrdy. «Xiaomi Mijia 3D Printer» ykjam göwrüme (265 х 265 х 417 mm) we 8,5 kg agrama eýedir. Enjam 3D çap tehnologiýasyny öwrenmek isleýän başlangyç ulanyjylara niýetlenendir, şonuň üçin hem ol ýeňil dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir. Printer emeli intellektiň kömegi arkaly parametrleri intellektual sazlamak mümkinçiligine eýedir. Ulanyjy ýeňillik bilen çap materialy bolan kartriji çalşyp biler, onuň doldurylan bir nusgasy toplumyň içine girýär. Şeýle hem enjam ýokary öndürijilikli kastom motory we çap işiniň ýokary takyklygy üçin Z şekilli bir liniýaly gönükdiriji bilen üpjün edilendir. «Mijia 3D Printer-e» çap üçin dürli şekilleri ýüklemek mümkindir, şeýle-de onda hususy şekilleriň sanawy bardyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir