Gazprom 31-nji iýulda Hytaýyň “Sila Sibiri” turbageçirijisi arkaly Russiýanyň gaz üpjünçiliginiň gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan nobatdaky gezek artyk geçendigini we täze rekord goýandygyny habar berdi. "31-nji iýulda “Sila Sibiri” turbageçirijisi arkaly rus gazy bilen üpjün edilişi gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan ýokary boldy. Gazprom talap edilýän möçberiň hemmesini gowşurdy we Hytaýa iberilýän gündelik gazyň möçberi boýunça täze taryhy rekord goýdy" – diýip kompaniýa habar berdi. Gazprom bu üpjünçiligiň Gazprom bilen CNPC-niň arasynda ikitaraplaýyn uzak möhletli gaz satyn almak we satmak şertnamasynyň çäginde amala aşyrylýandygyny aýtdy. 2022-nji ýylyň ahyrynda Russiýa “Sila Sibiri” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 15,5 milliard kub metr gaz eksport etdi. Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň 2023-nji ýylda “Sila Sibiri” arkaly Hytaýa iberýän gazy 22 milliard kub metr bolar diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Aleksandr Nowak belledi.