Hindistanyň «Chandrayaan-3» kosmos enjamy Ýeriň daşyndan aýlawyny tamamlap, Aýa tarap ugur aldy. Bu barada Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy habar berýär. Bellenilmegine görä, birnäçe aýlawlardan soň «Chandrayaan-3» Ýeriň daşyndan aýlanmagyny bes etmek we Aýyň traýektoriýasyna tarap ugur almak üçin ýeterlik belentlige çykmagy başardy. Onuň 5-nji awgustda Aýyň orbitasyna ýetmegine garaşylýar. «Chandrayaan-3» missiýasyna 14-nji iýulda badalga berlipdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Hindistan taryhynda ilkinji gezek Aýyň üstüne enjamyny gondurmagy meýilleşdirýär. Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy bu wakanyň 23-24-nji awgustda boljakdygyny umyt edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir