Halkara astronomlar topary Gün ulgamynyň çetki çäklerinde iki sany ekzoplanetany ýüze çykardylar. Mälim bolşuna görä, olaryň her biri Ýerden, azyndan, 4 esse uly diýip, lenta.ru habar berýär. Ekzoplanetalar Ýerden, takmynan, 30,7 ýagtylyk ýyly uzaklykday GJ 367 ulgamynda (şeýle hem TOI-731 ýa-da TIC 34068865 ulgamlary diýlip atlandyrylýar) ýerleşýärler. Olar Günden göwrümi we agramy boýunça iki esse kiçi bolan gyzyl ýyldyzyň daşyndan aýlanýarlar. Gözegçilik işleri Çilidäki La-Silýa obserwatoriýasyndaky teleskopynda ornaşdyrylan «HARPS» spektografy hem-de NASA-nyň «TESS» emeli hemrasy arkaly alnyp baryldy. Astronomlar ýyldyzyň daşyndan aýlanýan iri jisimler sebäpli şöhlelenmesiniň tizligini kesgitlediler. Munuň üçin üç ýylyň dowamynda ýokary takyklykly ölçeg işleri geçirildi. GJ 367 ekzoplanetasy Ýeriň 4,13 esse agramyna eýedir we onuň çak edilýän radiusy Ýeriňkiden 1,6 esse uludyr. Ol ýyldyzynyň daşyndan 11,5 günde bir aýlaw edýär. GJ 367 d planetasy bolsa Ýerden, azyndan, 6 esse, radiusy bolsa 1,7 esse uludyr. Ol ýyldyzynyň daşyndan 34 günde bir aýlaw edýär.