Toyota düýbünden täze Land Cruiser Prado-ny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu model öňkiň üsti ýetirilen däl-de, hakykatdan hem täze modeldir. Toyota haýran galdyrmagy başardy: bu modeliň öňki bölegi iki görnüşde çykaryldy. 60-70-nji ýyllaryň Land Cruiser-lerinde tegelek hem gönüburçluk şekilli faralary bardy. Täze Land Cruiser Prado 2024-de hem iki görnüş bar: 1958 belgili we First Edition kysymly görnüş tegelek fara eýe boldy, «orta» komplektasiýaly görnüşler bolsa gönüburçluk fara aldy. Land Cruiser Prado 1958-iň radiator gözenegi reňklenmedik. Yzky tarapynda göni geçýän ýagtylandyrylýan zolak ýok. Ätiýaçlyk teker aşakda, yzky bampere oturdylýar. Arka gapy iki bölek däl-de, bir bitewi (şol bir wagtda, aýnasyny aýratyn açyp bolýar). Land Cruiser Prado 2024 modeli Lexus GX we Land Cruiser 300 platformasynda gurlan, emma olardan tapawutlylykda, J250 3,4 litrlik V6 motora eýe bolmady. Täze modelde 2,4 litrlik turbirlenen I-Force Max güýç desgasy we 48 güýçli elektrik hereketlendiriji bar. Ol 8 basgançakly «awtomata» utgaşdyrylan. Jemi 326 at güýji. Land Cruiser Prado 2024-iň ähli modelleri doly priwodly. Täze Prado-nyň ýol ýagtylandyryşy 220 mm, giriş we çykyş burçlary degişlilikde – 31° и 22°. Möhüm düzüm bölekleriniň aglabasy ramanyň lonžeronynda gizlenen. Land Cruiser Prado 2024 düýbünden täze interýere eýe boldy, materiallary has gowulandyryldy. Modeliň ähli görnüşinde kruiz-kontrol, kör zolaklary dolandyryş ulgamy we sürüjä kömek etjek köp sanly ulgamlar bar. Anyk bahalar heniz belli däl, diňe Land Cruiser 1958-iň 55 müň dollar töweregi boljakdygy habar berilýär. ABŞ-da täze model ýylyň ahyryna peýda bolar.