2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň özara haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 12,3% artdy. Ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi 5,55 mlrd dollara deň boldy. Bu barada ORIENT agentligi Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berýär. Umumy söwda deňagramlylygynda düýpli artykmaçlyk türkmen eksportyna degişlidir. Hasabat döwründe türkmen eksporty 5,07 mlrd dollara deň boldy. Gaz Hytaýa eksport edilýän esasy önüm boldy. «Mawy ýangyjyň» üpjün edilmeleriniň özüne düşýän gymmaty 5,05 mlrd dollara deň hasaplanýar. Öz gezeginde, Türkmenistan 476 mln dollarlyk hytaý harytlaryny satyn aldy. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, Pekin Aşgabadyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar.