Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu iň köp girdeji gazanýan blogerleriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada The Sun neşiri habar berýär. Instagramdaky bir mahabat ýazgysy üçin futbolçy 2,2 million ýewro gazanýar. Şeýlelik bilen, portugaliýaly futbolçy takmynan 1,7 million ýewro alan amerikan modeli Kaýli Jennerden öňe geçdi. Bu görkezijide ilkinji üçlügi başga bir futbolçy - şu tomusky transfer penjiresinde “Inter Maýami” amerikan klubuna geçen argentinaly hüjümçi Lionel Messi jemledi. Ol bir post üçin 1,52 million ýewro soraýar. Ronaldu eýýäm alty aý bäri Saud Arabystanynyň çempionatynda çykyş edýär we ligada iň köp hak alýan oýunçy bolmagyny dowam etdirýär. Saud Arabystanynyň kluby bilen baglaşylan şertnama boýunça hüjümçi ýylda 200 million ýewro alar. Şeýle hem şertnamada futbolçynyň maşgalasy üçin bonuslar ýazyldy. Messi iýul aýynda “Inter Maýamä” mugt transfer boldy. Soňky iki ýylda fransuzlaryň "Pari Sen-Žermen" toparynda oýnady. Umuman alanyňda, Messi geçen möwsümde Fransiýanyň çempionatynyň 32 oýnunda 16 gol saldy we 16 gezek netijeli pas berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir