Russiýanyň Samara uniwersitetiniň alymlary dünýäde ilkinji bolup, bedene täsir etmezden, hroniki ýürek ýetmezçiligini anyklamak usulyny döretdiler diýip, «RIA Nowosti» habar berýär. Bu usuly oýlap tapan alymlaryň bellemeklerine görä, derini şöhlelendirmek arkaly keseli kesgitlemek usuly häzirki inwaziw usullaryň ornuny tutar. Bu ýörite sensoryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Barlagyň netijeleri «Journal of Biophotonics» žurnalynda çap edildi diýlip, çeşmede bellenilýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, her ýyl ýürek-damar keselleri zerarly 20 mln adam aradan çykýar. Şolaryň hatarynda hroniki ýürek ýetmezçiligi giň ýaýranlarynyň biridir. Bu keselde gan we bedeniň öýjükleri kislorod bilen doly üpjün edilip bilinmeýär. Hroniki ýürek ýetmezçiliginiň başlangyç tapgyry alamatsyz geçýär. Ol, köplenç, eýýäm ötüşen we agyr ýagdaýlarda ýüze çykarylýar, bu bolsa näsaga lukmançylyk kömegini bermekde kynçylyk döredýär. Şonuň üçin hem bu keseli irki döwürlerinde kesgitlemegiň usulyny döretmek häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlarynyň biridir.