2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen bilelikde Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir