Mekdeplerde ýetişigi gowulandyrmak, sapaklaryň bölünmeginiň öňüni almak we çagalary kiberbullingden goramak üçin çagalar tarapyndan ykjam telefonlaryň ulanylmagyny gadagan etmek gerek. Bu barada ÝUNESKO-nyň hasabatyna salgylanyp, “The Guardian” neşiri ýazýar. Hasabata görä, smartfonyň aşa köp ulanylmagynyň ýetişigiň peselmegi bilen baglanyşyklydygyny, ekranyň öňünde geçirilen ýokary wagt görkezijileriniň bolsa “öz-özüňi dolandyrmaklyga we emosional durnuklylyga ýaramaz täsir edip biljekdigini, şeýle-de ynjalyksyzlygy we sussupeslik ýagdaýyny güýçlendirip biljekdigini görkezýän maglumatlar bar. Hasabatda sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellektiň bilimde adama gönükdirilen ugra tabyn bolmalydygy we okuwçylaryň mugallymlar bilen ýüzbe-ýüz gatnaşygynyň ornuny tutmaly däldigi bellenilýär. ÝUNESKO mekdepde we öýde okuwçylaryň sanly tehnologiýalary, hususan-da, smartfonlary, planşetleri we kompýuterleri aşa köp ulanmagynyň olary işden daşlaşdyryp, bilimiň hiline ýaramaz täsir edip biljekdigini belledi. Şol bir wagtyň özünde gurama bu negatiw faktorlara garamazdan, döwrebap tehnologiýalaryň millionlarça adamyň bilim almagyna mümkinçilik döredendigini belledi. Aýratynam, pandemiýa döwründe onlaýn bilim mekdeplere we uniwersitetlere çäklendiriji çäreleriň hereket edýän şertlerinde işi dowam etdirmäge kömek etdi. ÝUNESKO 200 döwletde bilim ulgamlaryny seljerdi. Guramanyň hasabyna görä, diňe her altynjy ýurtda mekdepde telefon ulanmaklyk gadagan edilýär.