Hytaýly ýüzüji Sin Haýýan Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilen sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça dünýä çempionatynda 200 metr aralyga brass usulynda ýüzmekde altyn medal gazandy we dünýä rekordyny goýdy. Türgen jemleýji ýüzüşde 2 minut 5,48 sekunt netije görkezip ýeňiş gazandy. Öňki dünýä üstünligi 2022-nji ýylyň maý aýynda Awstraliýanyň çempionatynda rekord goýan awstraliýaly türgen Zak Stableti-Kuka degişlidir. Şol gezek türgen bellenen aralygy 2 minut 5,95 sekuntda geçipdi. 24 ýaşly Sin Haýýan dördünji gezek dünýä çempiony boldy. Şeýle hem, beýleki üç medaly häzirki dünýä çempionatynda 50 metr we 100 metr aralyga ýüzmekde, şeýle hem 4x100 metr aralyga estafetada gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir