X-a öwrülmek tapgyryny başdan geçirýän Twitter sosial ulgamy 2023-nji ýylda aýda ulanyjy sany boýunça rekordy täzeledi. Bu barada onuň eýesi Ilon Mask öz sahypasynda mälim etdi. "Aýda X-iň ulanyjylarynyň sany boýunça täze rekord goýdy" - diýip, telekeçi ýazdy. Mask 541,5 million ulanyjy diýen sany görkezýän grafigi habarynyň yzyna goşdy. 24-nji iýulda Twitter logotipindäki gök guşy gara konturly ak X-a çalyşdy. Mask öz sahypasynda täze logotipiň proýeksiýasy bilen kompaniýanyň baş edarasynyň suratyny ýerleşdirdi. Şeýle hem, x.com domeniniň indi ulanyjylary Twitter sahypasyna awtomatiki gönükdirjekdigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir