Fransiýadaky Eks-Marsel uniwersitetiniň alymlary Saharada asteroid bilen çaknyşykda Ýerden bölünip aýrylyp, birnäçe wagt kosmosda bolup, soň ýene yzyna gaçan ilkinji meteorit-bumerangy tapdylar. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu açyş barada “Daily Mail” habar berýär. NWA 13188 meteoriti Sahara çölünde tapyldy. Onuň seljermesi düzüminde dünýäde wulkan jisimleri üçin häsiýetli bolan bazalt we andezit porfiritleriniň bardygyny görkezdi. Şeýle-de, onda diňe daş kosmosdaky şöhleler bilen özara täsire giren ýagdaýynda emele gelip biljek berilliý-3, geliý-10 we neon-21 izotoplarynyň konsentrasiýasy ýokarydy. Gözlegçiler daşda meteoritleriň Ýeriň atmosferasyndan uçup, ýere gaçmagy netijesinde emele gelýän erän gabygy tapdylar. Olaryň pikiriçe, daş ýerden gelip çykan, ýöne, takmynan, 10 müň ýyl mundan ozal asteroid bilen çaknyşmanyň netijesinde kosmosa zyňylypdyr, soňra ýene-de Ýere gaçypdyr. Meteoritleri gözleýjiler 0,6 kg agramly daşy 2018-nji ýylda Marokkoda tapdylar. Onuň düzüminde Ýere mahsus minerallar – plagioklaz we piroksen agdyklyk edýär, bu hem alymlaryň tapylan daşyň meteoritdigine şübhelenmegine sebäp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir