«Lenovo» kompaniýasy «MediaTek» çipi ornaşdyrylan täze «Tab P12» planşetini tanyşdyrdy. Planşet 2944х1840 piksel we 600 nit ýagtylyk mümkinçiligi bolan 12,7 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilendir. Şeýle hem onuň displeýi «Dolby Vision» tehnologiýasyna esaslanýar. Enjamyň öndürijiligine «Mali-G68 MC4» grafikasy bolan «MediaTek Dimensity» çipi jogap berýär. Ulanyjylara 4 Gb ýa-da 8 GB operatiw ýady we 128 GB ýa-da 256 GB goşmaça ýady bolan nusgalar elýeterli bolar. Planşetiň ýadynyň sygymyny «microSD» arkaly 1 TB çenli artdyrmak mümkindir. «Lenovo Tab P12» planşetinde 13 Mp durulykly frontal kamera we 8 Mp datçik ornaşdyrylandyr. Onuň akkumulýatorynyň sygymy 10200 mAs bolup, 30 Wt kuwwatlykly zarýad beriji enjam bilen üpjün edilýär. Planşet «Android 13» ulgamyda işlär. Şeýle hem onuň stilus we daşlyk-klawiatura bilen üpjün edilendigi bellenilýär. «Lenovo Tab P12» planşetiniň bahasy €400 deňdir.