Ilon Mask ýakyn wagtda Twitter sosial ulgamynda diňe garaňky režimiň elýeterli boljakdygyny aýtdy. Mask Twitterde: "Bu platforma ýakyn wagtda diňe garaňky režime eýe bolar. Bu haýsy tarapdan alaňda-da has gowudyr" - diýip ýazdy. The Verge portalynyň belleýşi ýaly, bu karar sosial ulgamy ulanyjylaryň arasynda jedel döretdi, sebäbi köpler üçin platformany ýagty režimde ulanmak has amatly. Gara fonda açyk reňkli teksti okamagyň kyndygyny ýazdylar. Häzirki wagtda Twitter ulanyjylaryň isleglerine baglylykda birnäçe režimi hödürleýär. Ondan öň, Twitter sosial ulgamy logotipindäki gök guşuň şekilini aýryp, ony gara konturly ak X harpyna üýtgetdi. Mask öz sahypasynda täze logotipiň proýeksiýasy bilen kompaniýanyň baş edarasynyň suratyny ýerleşdirdi. Şeýle hem Mask, x.com domeniniň ulanyjylary awtomatiki usulda Twitter-e gönükdirjekdigini aýtdy. Bu üýtgeşmelerden soň Twitterdäki neşirlere "twitler" däl-de, "iksler" diýler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir