Rus şahyry Aleksandr Puşkiniň heniz dirikä çap edilen «Ýewgeniý Onegin» atly goşgy bilen ýazylan romanynyň ilkinji neşiri auksionda 26 million rubl bahadan satyldy diýip, «news.ru» habar berýär. Şeýlelikde, ol nusgawy rus şahyrlarynyň dirikä çap edilen kitaplarynyň hatarynda iň gymmat bahalysy boldy. 21-nji iýulda «Ýewgeniý Onegin» romanynyň örän seýrek duş gelýän ilkinji neşiri hem-de Aleksandr Puşkiniň ilkinji poemalar ýygyndysy satuwa çykaryldy. Şol döwre mahsus bolan usulda çap edilen kitabyň başlangyç bahasy hökmünde 12 million rubl bellenildi. Bäsleşikli söwdanyň ahyrynda kitap bellenden nyrhyndan iki esseden hem gowrak bahadan satyn alyndy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir