Asus kompaniýasy energiýa üçin adaty elektrik kabelleri bolmadyk wideokartalary ýasap başlady. Bu barada Tom's Hardware neşiri habar berýär. Hünärmenleriň sözlerine görä, GeForce RTX 4070 modeli GC_HPWR birleşdirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, onuň üsti bilen wideokarta güýç berilýär. Şeýlelikde, enjam daşarky güýç interfeýslerine mätäç däldir. Žurnalistler Asusyň tehnologiýany patentländigini we geljekde çykarylmagy meýilleşdirilýän beýleki wideokartalarda ýerleşdirjekdigini bellediler. Maglumatda adaty PCIe 4.0 x 16 birleşdirijiniň üsti bilen güýjüň enjama geçirilýändigi aýdylýar, birleşdirijiniň wideokarta 600 Watt-a çenli güýji geçirip biljekdigi kesgitlenildi. Žurnalistleriň pikiriçe, "simsiz" wideokarta ulanyjylara kompýuteriň içini arassalamaga kömek eder. Şeýle-de bolsa, şeýle enjamlar beýleki wideokartalardan has gymmat bolar. Insaýderler Asusyň wideo kartalaryň ilkinji partiýasyny öndürip başlandygyny aýtdy. Täze görnüşli enjam köpçülikleýin güýzde öndürilip başlar.