2025-nji ýylda Osakada geçirmek meýilleşdirilen Expo-2025 Bütindünýä sergisi daşary ýurtlaryň pawilionlarynyň gurluşygynyň dowamly gijikdirilýändigi sebäpli yza süýşürilip bilner. Bu pikiri Ýaponiýanyň Gurluşyk senagaty birleşiginiň başlygy Ýoiti Miýamoto Sankei gazetine beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, köp sanly daşary ýurt pawilýonlarynyň gurluşygyna taýýarlyk işleri gaty gijikdirilýär. Assosiasiýanyň başlygy: "Bütindünýä sergisiniň geçirilmeli senesi baradaky karary hökümet kabul edýär. Ýöne ony yza süýşürmegiň aladasyny etmeli" - diýdi. Telekeçi pandemiýa sebäpli Dubaýda geçen ýylyň mart aýynda tamamlanan öňki dünýä sergisiniň seneleriniň yza süýşürilendigini aýtdy. Şonuň üçin Osakada geçiriljek “Expo-2025” -e taýýarlyk görmek üçin gaty az wagt galdy. Gurluşyk materiallarynyň bahasynyň hem ep-esli ýokarlanmagy täsirini ýetirmän duranok. Birleşigiň başlygy şeýle şertlerde käbir ýurtlaryň Osakada geçiriljek Expo-2025 sergisine düýbünden gatnaşmakdan ýüz öwürip biljekdigini aýtdy. Sergini Osakada geçirmek baradaky karary 2018-nji ýylda Parižde Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynda kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir