687 sany ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny aýan edenligi üçin, ChatGPT çat-botunyň operatory OpenAI kompaniýasyna 3,6 million won (2829 dollar) jerime salnandygyny Günorta Koreýa habar berdi. Bu barada Şahsy maglumatlary goramak boýunça iş toparynyň (PIPC) beýanatynda aýdylýar. Yonhap habarlar gullugynyň iş toparynyň beýanatyna görä, jerime OpenAI-a "maglumatlaryň aýan bolandygynyň üsti açylandan soň 24 sagadyň dowamynda häkimiýetlere bu barada habar bermeli" diýen borjuny bozandygy üçin berildi. ChatGPT-iň açyk kitaphanasyndaky bir näsazlyk dokuz sagadyň dowamynda ChatGPT Plus-yň abonentleriniň töleg maglumatlaryny, şol sanda atlaryny we familiýalaryny, e-poçta salgylaryny, kredit kartoçkalarynyň soňky dört belgisini we gutarýan senesini görkezýän penjiräni tötänden açyp, mesele döretdi. Häzirki wagtda säwlik düzedildi. Gözegçi edara kompaniýanyň gowşak şahsy maglumatlary goramak boýunça çärelerde jogapkärçilik çekip bilmejekdigini belläp geçdi, ýöne OpenAI-e wakanyň gaýtalanmazlygy üçin çäreleri görmegi, Günorta Koreýanyň şahsy maglumatlary goramak baradaky kanunyny berjaý etmegi we iş toparynyň ozalky barlaglarynyň netijelerini göz öňünde tutmagy maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir