Ak çüýrüntgi kömelegi fermentleriniň kömegi bilen lignini – agaça çeýelik berýän örän berk organiki polimeri dargadyp bilýär. Alymlar barlag geçirmek üçin bu kömelegiň 50 nusgasyny aldylar we olary iki topara böldüler. Birinji topary pes dykyzlykly polietilenli gurluşda, beýleki topary bolsa agaç gyryndysy bilen plastik garylan gurluşda ýerleşdirdiler. 45 günden soň iki topardaky kömelekleriň hem polietileni dargadandygyny ýüze çykaryldy. Bu barada mail.ru habar berýär. Alymlaryň bellemeklerine görä, ak çüýrüntgi kömelegi agaçlarda bolşy ýaly, plastigi hem dargatmak üçin okislendiriji fermentden peýdalanýar. Emma şeýle plastik gaýtadan işlenilende nähili prosesiň bolup geçýändigi heniz mälim däl. Alymlar indiki işlerinde kömelekleriň dürli şertlerde nähili diri galýandyklaryny öwrenmegi maksat edinýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir