Toyota resmi suratda ilkinji gezek Land Cruiser Prado-nyň täze nesliniň öň tarapyny görkezdi. Wnedorožnik nusgawy Land Cruiser FJ62-iň fonunda ýerleşýär we şu rakursdan seredeniňde täze modeliň öň tarapynyň, hakykatdanam, «ata-babasynyňka» meňzeşdigi görünýär. Şol umumylyklara – täze ulagyň gönüburçly görnüşdäki faralary we iri harplar bilen Toyota ýazgyly uzyn radiator gözenegi degişli. Şeýle hem, kompaniýa ulagyň resmi premýerasynyň senesini mälim etdi – çäre 2-nji awgustda geçer. Deslapky maglumatlara görä, täze model “Land Cruiser Prado 250” diýlip atlandyrylyp bilner. Wnedorožnik hem ilkinji gezek gibrid bolar. Prado-nyň täze nesli alty silindrli hereketlendirijini ýitirer diýen myş-myşlar ýaýrady, ýöne häzirlikçe takyk maglumat ýok.