Geçen ýyl Ýaponiýanyň ilaty tas 800 müň adam azalyp, 122,42 mln adama barabar boldy. Şeýle maglumatlary Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi hödürledi diýip, kommersant.ru habar berýär. Ýurduň ilaty yzygider 14-nji ýyl, üstesine-de soňky ýyllar has çalt azalýar. 2022-nji ýylda Ýaponiýada 1,56 mln ölüm hasaba alyndy – bu statistikanyň taryhynda rekorddyr. Şol bir wagtyň özünde, doglanlaryň sany ilkinji gezek 800 müňden az – 771 müň boldy. Gözegçiligiň taryhynda ilkinji gezek ilat Ýaponiýanyň 47 prefekturasynyň ählisinde azaldy. Ýene bir rekord – ýurtda hemişelik esasda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň 10,7% artmagydyr. Olaryň sany tas 3 mln adama ýetdi. Hatda daşary ýurtlularyň sanyny hem hasaba alanyňda, Ýaponiýanyň ilaty 511 müň, 125,42 mln adama çenli azaldy.