Çarşenbe güni, 26-njy iýulda Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy täze eplenýän smartfonlaryny – Galaxy Fold 5 bilen Galaxy Flip 5-i hödürledi. Tanyşdyrylyş onlaýn arkaly görkezildi. Galaxy Flip 5-iň öňki model bilen deňeşdirilende dizaýny üýtgedi – daşarky displeý 3,78 esse ulaldy, indi ol “gapagyň” tutuş meýdanyny diýen ýaly eýeleýär. Yzky kameralar, öndürijiniň aýtmagyna görä, suratlary we wideolary has aýdyň etjek emeli intellekt tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Esasy ekran has berk boldy, gurluşa eplenmäge mümkinçilik berýän şarniriň gurluşy kämilleşdirildi diýip, rbc.ru habar berýär. Daşarky ekranyň ölçegi 3,4 dýuýma, esasy ekranyňky 6,7 dýuýma deň. Selfi kamerasynyň durulygy 10 Mp, iki esasy kameranyňky – 12 Mp. Akkumulýatoryň kuwwaty 3700 mA/s. Enjam bir nano-sim-kartany we bir elektron sim-kartany (eSIM) göterýär. Galaxy Fold 5 hem täze şarnir bilen üpjün edildi. Korpus has inçeldi. Gurluş öňki modellere garanda has ýagty, 7,6 dýuým diagonally displeý bilen enjamlaşdyryldy. Daşarky kameranyň durulygy 10 Mp. Esasy kameralar: 4 Mp ekranasty, 12 Mp iki ultra giň, 12 Mp üç ultra giň, 50 Mp giň burçly we 10 Mp teleobýektiw. Akkumulýatoryň sygymy 4400 mA/s. Modelde iki nano-sim-karta we bir elektron sim-karta (eSIM) ulanylyp bilner. Galaxy Fold eplenýär we planşete öwrülip bilýär, şular ýaly ilkinji modeli Samsung 2019-njy ýylyň fewral aýynda hödürläpdi, bu dünýäde şunuň ýaly ilkinji gurluş boldy. Şondan bäri şeýle smartfonlary Motorola, OPPO we Vivo ýaly başga-da birnäçe öndürijiler hödürledi. Maý aýynda Google hem eplenýän smartfonyny – Pixel Fold modelini hödürledi . Şeýle-de, Samsung tanyşdyrylyş dabarasynda Galaxy Watch 6 sagatlarynyň täze tapgyryny we Samsung Tab S9 planşetini görkezdi.