Apple Inc. dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklara we dünýäniň smartfon bazarynyň pese gaçyşyna garamazdan, üpjün edijilerinden 85 mln töweregi, takmynan, 2022-nji ýyldaky ýaly derejede iPhone 15 smartfonyny taýýarlamagy soraýar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. Şeýle-de, Apple 2023-nji ýylda girdejini artdyrmagy we Pro hatarynyň premial smartfonlarynyň bahalaryny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Apple dünýäniň iň gymmat kompaniýasydyr we onuň görkezijileri millionlarça işgärleriň işleýän müňlerçe üpjün ediji kompaniýalaryna täsirini ýetirýär. Kompaniýanyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri bir ýarym esse ýokarlandy, onuň kapitallaşdyrmasy bolsa 3 trln dollardan geçýär. 2023-nji ýylda kompaniýa wideosensor bilen baglanyşykly näsazlyk sebäpli has arzan modelleriň satuwy baradaky çaklamasyny, takmynan, 2 mln birlik azaltdy, ýöne Pro modelleriniň önümçiligi üçin sargytlary köpeltdi diýip, agentligiň çeşmeleri habar berýär. Counterpoint Research-yň maglumatlaryna görä, smartfonlaryň global satuwy eýýäm yzygider sekizinji çärýek, şol sanda aprel-iýun aýlarynda 8% azaldy. Hytaýyň Xiaomi we Vivo brendleriniň satuwy geçen çärýek 10%-den gowrak pese gaçdy, Apple bolsa 2% pese gaçyşy hasaba aldy, şol bir wagtyň özünde onuň dünýä bazaryndaky paýy gymmat gurluşlara bolan islegiň ýokary bolmagy sebäpli pul aňlatmasynda 17%-e çenli artdy.