Dünýäde iň uly alkogolsyz içgileri öndüriji bolan Coca-Cola Co. amerikan kompaniýasy 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde arassa girdejisini 34%, girdejisini 6% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, aprel-iýun aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň ikinji çärýegindäki 1,905 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,44 dollar bilen deňeşdirilende, 2,547 mlrd dollar ýa-da paý üçin 0,59 dollar boldy diýip, interfax.ru belleýär. Bir gezeklik faktorlary hasaba almazdan, girdeji 11%, paý üçin 0,78 dollara çenli ýokarlanyp, analitikleriň paý üçin 0,72 dollar derejesindäki ortaça çaklamasyndan ýokary boldy. Kompaniýanyň çärýek girdejisi bir ýyl ozalky 11,325 mlrd dollara garşy 11,972 mlrd dollar boldy. Geçen çärýek girdejiniň organiki ösüşi 11% boldy. Coca-Cola-nyň girdejisi Demirgazyk Amerikada 8%, Latyn Amerikasynda 21% ýokarlandy. EMEA sebitinde (Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Afrika) we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde görkeziji üýtgemedi diýen ýaly. Gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň, şeýle-de şireli suwlaryň, süýtli içgileriň we ösümlik esasly içgileriň satuwy düýpli üýtgemedi. Suwuň, sport içgileriniň, kofeniň we çaýyň satuwy bir ýyl ozalky derejesinde galdy. Coca-Cola 2023-nji ýylda girdejiniň organiki ösüşi baradaky çaklamasyny 7-8%-den 8-9%-e çenli, paý üçin düzedilen girdejini 7-9%-den 9-11%-e çenli ýokarlandyrdy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2,1% pese düşdi.